Sport parahatçylygyň bähbidine

25 Fewral 2021
1640

Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolup, sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgullanmakda görkezýän ýokary ussatlygy we başarjaňlygy hemmämize nusgalyk görelde bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagynyň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyna, ömür dowamlylygynyň artdyrylmagyna gönükdirilen tagallalarynyň durandygyna has aýdyň göz ýetirmek bolýar.

2021-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda milli Liderimiziň Karary bilen «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy», şeýle hem ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.