Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar Diýarymyzda kitaphanalaryň işleriniň düýpli kämilleşdirilmegi, olaryň elektron görnüşli kitaplar, pudaklaýyn kataloglar we bibliografik kartotekalar ulgamlary bilen üpjün edilmegi giň gerime eýe bolýar. Elbetde, munuň özi mähriban halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlarymyzyň dünýägaraýşyny, kitaba, bilime bolan höwesini artdyrmaga hem-de döwletimiziň, tutuş jemgyýetimiziň mundan beýläkki ösüşlerine uly ýardam edýär. Kitaplar — mähriban halkymyzyň egsilmez baýlygy. Şunda kitaphana işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, kitaphanalarda täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, kitaphana işini dünýä ölçeglerine laýyklykda guramak, neşir önümleriniň hilini ýokarlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek babatdaky möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Kitaphanalarda döwrebap tehnologiýalar arkaly yzygiderli maglumat alyş-çalşygy ýola goýulýar we elektron kitaplar ulgamy döredilýär. Mekdep okuwçylarynyň kitaplar bilen üpjünçiligi birkemsiz berjaý edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi ösdürmekde bitiren beýik işleri, döredijilik äleminde ählimize görelde bolmagy, kitap önümçiligini, neşirýat, çaphana işlerini aýratyn üns merkezinde saklamagy bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemegini üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we beýleki ençeme kitaplary ýaşlarymyzyň söýüp okaýan kitaplaryna öwrüldi. Bu ajaýyp eserler mähriban halkymyzyň egsilmez ruhy baýlygyny özünde jemleýär.