Bagtyň, bagtyýarlygyň gönezligi

19 Fewral 2021
2719

Ir döwürlerde bütin ömrüni kitap okap, kitaphanada geçiren bir dana: «Eý, parasatly goja, siz ömrüňizi kitap okap, ylym-bilim öwrenmäge bagyş eden adam. Hatda, siziň her bir sözüňiz, hereketiňiz biziň üçin ullakan mekdep, giden bir durmuş akademiýasy. Şol okan kitaplaryňyzyň haýsysy siziň hemişelik hakydaňyzda galyp, tutuş ömrüňize täsir edip, köp zatlary öwrenmegiňize we şolardan ruhlanyp, ýene-de okamagyňyza getirdi?» diýlip, berlen sowala, ol bir sözde: «Ejem» diýip, jogap berýär. Çünki bütin ömrüne perzentleri, maşgala ojagy, ýar wepasy üçin ýaşaýan enelerimiziň ýüregi söýgüden we mähirden pürepür bolup, olaryň sözi-de, hereketi-de çagalarynyň ýagty ertiriniň gönezligidir.

Ene, gör, nähili belent mukaddeslik, ol maşgalanyň söýesi, ojaklaryň ýylysy, agzybirligiň gaýasy, oba-kentlerimiziň ýaraşygy, märekeleriň gelşigi. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, çuňňur pähim-parasadyndan kemal tapan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserini okanyňda we onuň içinden eriş-argaç bolup geçýän gelin-gyz edebi, zenan mertebesi, ene mukaddesligi bilen baglanyşykly durmuş filosofiýasyna aralaşanyňda magat göz ýetirýärsiň. Çünki hormatly Prezidentimiziň ata-enesine goýýan hormaty nusgalyk ýol bolup görünýär. Kitabyň «Sözden başlanýan ägirtlik» atly ilkinji bölüminde: «Elbetde, adamyň kemala gelmegi üçin jemgyýetiň täsiriniň hem iňňän uly ähmiýeti bardyr. Ýöne jemgyýetiň ösüşlerine goşandyny goşýan şahsyýetiň, ilhalar ynsanyň kemala gelmegi ata-enäniň göreldesiniň, tälim-terbiýesiniň netijesidir, olaryň perzendi hakyndaky iň süýji arzuwynyň amala aşmagydyr» diýlip bellenilişi ýaly, perzendiň geljekde kemally, ilhalar ynsan bolup ýetişmegi — onuň durmuş daragtynyň binýadynyň berkden tutulýan ýeri bolan maşgala terbiýesi, ondaky görüm-görelde bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu babatda pederlerimiz bize: «Siz çagalaryňyza edep-ekram, tälim-terbiýe bermek üçin aladalanmaň, gowusy özüňizi terbiýeläň, barybir olar size meňzär» diýen parasatly jümleleri miras goýupdyrlar. Bu nesil terbiýesinde maşgala terbiýesine, ulularyň görüm-göreldesine, ata-enäniň aýdýan sözi bilen edýän hereketiniň sazlaşygyna giň orun berilýändigini aýan edýär. «Alma öz şahasyndan uzaga düşmez» diýlişi ýaly, şol asylly häsiýetler bagtyýar döwrümizde başlaryň täjine deňelýän enelere goýulýan bimöçber hormat bilen utgaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu günki günde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz balalarynyň bagtyna guwanýan käbelerimiziň, mukaddeslik saýylýan mähriban enelerimiziň arzylanýan ajaýyp mekanyna öwrüldi. Bu hem ýönelige däldir, çünki maşgala terbiýesinde enäniň mähirli sözi, ogul-gyzlaryny, agtyk-çowluklaryny hamrak söýgüsi bilen gurşap alşy aýratyn uly ähmiýete eýe bolup, dünýäniň zynaty bolan eneleriň abraý-mertebesini has-da beýgeldýär. Olaryň beýikligi mukaddeslige deňelýär, mukaddes zatlar bolsa hemişe-de sarpalanýandyr. 

Akjemal DURDYÝEWA,
alymlyga dalaşgär.