Türkmen gyzy — dünýä cempiony!

19 Fewral 2021
2952

Agyr atletika boýunça men diýen türgenleriň ençemesini ýetişdiren tälimçi Zeripbaý Kerimbaýewiň ýegençesi bolsa-da, mundan 15 ýyla golaý ozal Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 51-nji orta mekdebinde okap ýören Ýulduzuň geljek üçin başga-başga maksatlary bardy. Belki, beýleki synpdaş joralary ýaly ol hem geljekde özüni lukman, mugallym, terbiýeçi, gözellik salonynyň işgäri... hökmünde göz öňüne getirendir. Onda türgen, onda-da agyr atletika boýunça türgen bolaryn diýen pikir ýokdy. Hemmeler ýaly Ýulduzam agyr atletika diňe berdaşly türgenleriň sporty hökmünde garaýardy. Synpdaşlarynyň arasynda iň soňkularyň biri bolup hatara durýan Ýulduzda, belki, şol mahal hiç kim geljekki agyr atletikaçyny gören däldir. «Ol dünýä çempiony bolup biler» diýen pikir-ä adamlaryň ýele ýanyndan hem geçen däldir. Muny diňe Ýulduz ýaňy 10—11 ýaşly gyzjagazka daýysy Zeripbaý aga gördi. Görmesine gördem welin, oňa aýal dogany Eminäni — Ýulduzuň ejesini razy etmek birbada ýeňil düşmedi. Munuň sebäbi hem Zeripbaý agadan başgalaryň ählisiniň bolşy ýaly, Ýulduzuň hut öz ejesiniň hem ony geljekki agyr atletikaçy hökmünde görüp bilmänligidir. Her niçik hem bolsa arkasynda dag bolup duran doganynyň yhlasyna we güýç-kuwwatyna belet ene ahyrsoňy yryldy. Şeýdibem, bu günki dünýä çempiony mundan 10—12 ýyl ozal ilkinji gezek türgenleşik zalyna geldi.

Ähli menziller ilkinji ädimden başlanýar. Ýulduz türgenleşiklere ilki-ilkiler daýysynyň göwni üçin gatnan bolsa-da, soň bu sporta nädip höwrügip gidenini özi hem duýmady. Indi ol düýşünde-de ştangany görýärdi. Geljekki dünýä çempionlygy düýşüne ýa arzuwlaryna sygdymy, bilmedik, ýöne maksatlary ilkinji ädimlerden kiçi-girim däldi. Muny onda hut daýysy — ilkinji tälimçisi terbiýeläpdi. «Ýykylsaňam, belentden ýykyl!».

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.