Anbar ysly atyrlar

19 Fewral 2021
2224

Nämüçindir, parfýum diýlende, köpler Fransiýany göz öňüne getirýärler. Emma parfýumyň taryhyny yzarlasaň, ol Fransiýada döremändir. Parfýum latyn sözünden gelip çykyp, «per» hem «fuma», ýagny «tüsse» diýen manyny berýär. Sebäbi ilkinji parfýumy ýakyp, tüsse etmegiň üsti bilen döredipdirler. Antiki döwürde onuň ilki dörän ýeri Müsür hasaplanylýar. Şol döwürde parfýumler bedeniňi yslandyrmak, nerwleriňi rahatlandyrmak, şeýle-de ýaşaýyş otaglaryna gowy ys bermek üçin ulanylypdyr. Kleopatra hoşboý ysly ýaglary göze ilmeýän, emma özüne maýyl ediji gural hökmünde ulanypdyr. Antik döwründe parfýum, başga-da arap we Gündogar ýurtlarynda, Gresiýada, Italiýada hem ulanylypdyr.

Fransiýa parfýum biraz soňrak aralaşypdyr. Orta asyrlarda, Renessans döwründe parfýum taýýarlamak işi gülläp ösüpdir. Şol wagtlar Fransiýada deriden geýim tikilýär eken. Şol deriniň ysyny aýyrmak üçin hem parfýum ulanylypdyr. Soňlugy bilen deri modadan galýar, mata geýimler moda girýär we tikinçiler hem parfýum satmak bilen meşgullanyp başlaýarlar. Şeýdip, parfýum ulanmak aristokratlaryň arasynda moda bolup, ony taýýarlamak işi aýratyn hünäre öwrülýär. Fransiýanyň Grasse şäheri parfýumyň paýtagty hökmünde belli bolýar.

Taýýarlan: Şemşat AŞYROWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.