Hünäri ykbala öwren halypa

17 Fewral 2021
1734

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň wekilleri hem Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününi agzybir halkymyz bilen bilelikde mynasyp derejede belläp geçýärler. Olar bu senäni «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem milli Liderimiziň baştutanlygynda parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we oňyn döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli, çuňňur mazmunly we giň möçberli döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek ugrundaky ýokary netijeler bilen garşylaýarlar. Toý gününde Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen diplomatiýasynyň ilkinji «kerpiçlerini» goýan halypalar barada söz açmak, olaryň söhbedini diňlemek aýratyn buýsanç döredýär. Şuny nazara alyp, biz hem milli diplomatiýa ulgamynyň ösmegine ägirt uly goşandyny goşan, ömrüniň manyly we ýokary netijeli zähmet ýoluny diplomatik gullugyna bagyşlan Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amangeldi Rahmanow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

— Amangeldi Rahmanow, şu pursatda sizi diplomatik gullugyň işine höweslendiren ýagdaý barada bilmek geljekki diplomatlar hem-de okyjylar üçin täsirli bolsa gerek, gürrüňi şondan başlaýalyň?!

Söhbetdeş bolan Jahan ÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.