Çagalar üçin ajaýyp sowgat
Çaga we ertekiler dünýäsiniň arasynda bir umumylyk bar. Çaganyň dünýägaraýşy başgaça, ol töweregini gurşap alan ähli zada geň galýar. Olardan üýtgeşiklik, täsinlik gözleýär. Çagalar dünýäni kabul edip, ony öz hyýalbentligi bilen baýlaşdyrýarlar. Çagalygyň ertekä çalym edýändigi hem şol sebäpli bolsa gerek. Biz hem çagalyk döwrümizi ýatlap, ertekiler dünýäsine dolanmak maksady bilen, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatryna tarap ugradyk. Teatryň agzybir döredijilik işgärleriniň täze möwsüm üçin «Garry möjek hakynda» atly spektaklyny taýýarlaýandygy hakyndaky hoş habary okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik. Sözümiziň hörpünden goýuljak sahna eseriniň çagalara niýetlenendigini aňan bolsaňyz gerek. Spektakl hakynda doly maglumat almak üçin teatryň edebiýat bölüminiň hünärmeni Öremyrat Öwezowa ýüz tutanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi: