Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň düzgünleri, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri, halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de belent ynsanperwerlik däplerimiziň esasy bolup durýan demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmak baradaky gymmatly garaýyşlary özünde jemleýär. Esasy Kanunymyzda merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik, adalatlylyk, ylalaşyklylyk we parahatçylyk hakyndaky ündewleri, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerine siňdiren ýürek arzuwlary bu gün öz beýanyny tapýar.
Döwrüň badyna, ýurtda gazanylýan ösüşleriň depginine laýyklykda Baş Kanun hem, onuň esasynda kabul edilýän hukuk resminamalary hem yzygiderli özgerdilýär, kämilleşdirilýär. Kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny ösdürmegiň esasy ugrudyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň Konstitusion gurluşy kämilleşdirildi hem-de milli Parlamentimiz iki palataly ulgama geçirildi. Şuňa laýyklykda güneşli Diýarymyzy ösdürmek we hemmetaraplaýyn öňe alyp gitmek, şeýle hem jemgyýetimizi kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeler bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi. Bu kanunçylyk özgertmeleri ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ýokary belentliklere çykarmak boýunça yglan edilen Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine we mähriban Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň barha ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.