Matematika sapagyny täsirli guramak

9 Fewral 2021
1713

Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda döredilýän mümkinçilikler okuw sapaklaryny guramaçylykly alyp barmaga uly mümkinçilikleri döretdi.

Okatmagy terbiýeçilik işi bilen utgaşykly alyp barmak ýaş nesillerde zähmetsöýerlik, ynamlylyk ýaly ýagşy garaýyşlary kemala getirýär. Ol ýagşy garaýyşlar bolsa öz hünärine ussatlyk bilen birlikde, Watany söýmek, il bähbidini ileri tutmak ýaly ynsan üçin iň gymmatly häsiýetleri kämilleşdirýär. Biz munuň şeýledigini matematika dersi boýunça başlangyç synplarda okaýan okuwçylar bilen guraýan sapaklarymyzyň dowamynda hasaplamak endikleri ösdürýän oýunlaryň, ýumuşlaryň, matallaryň, şeýle hem barlagnamalaryň takyk ylymlara ýykgyn edýän çagalary ýüze çykarmakda hem aýdyň görýäris.

Kakamyrat Hudaýnazarow,
Baýramaly etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.