Kämil nesiller — buýsanjymyz

9 Fewral 2021
1320

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge örän uly ähmiýet berýär. Munuň özi milli Liderimiziň ýurduň geljegi bolan ýaşlar hakynda taýsyz tagallalary edýändigini görkezýär. Umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synp okuwçylaryna her ýyl hormatly Prezidentimiziň adyndan öz ýurdumyzda öndürilen öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi körpeleriň kiçilikden giň düşünjeli, sowatly, häzirki zaman tehnologiýalaryna ussatlyk bilen erk edip bilýän adamlar bolup ýetişip, Watanymyza, il-günümize bähbitli uly işleri amala aşyrmagyny gazanmagy nazarlaýan belent maksatlardan gözbaş alýar.

Ylym-bilim bir düýpsüz umman mysalydyr. Şol ummanda batyrgaýlyk hem erjellik bilen gulaçlap, adamzada ýagty ýol görkezýän we oňa gowy ýaşaýşy bagyş edýän ylym-bilim hazynasyndan ýetdik paýyny alýan, geljegine ynamly türkmen ýaşlaryny göreniňde guwanýarsyň, buýsanýarsyň. Olaryň dürli ylym-bilim bäsleşiklerinde, halkara internet olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri bolsa buýsanjyňy has-da artdyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleriniň, ýylsaýyn gülleýän, gül açýan bilim daragtynyň ajaýyp miweleridir.

Aýbölek ÝAZPOLADOWA,
Gökdepe etrabyndaky 6-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.