Berkarar Watanyň bagtyýar nesilleri

8 Fewral 2021
1515

Uly ösüşleriň rowana ak ýolundan röwşen geljegine ynamly öňe barýan mähriban Watanymyz dünýäde çagalaryň bähbitlerini ileri tutýan, olaryň mynasyp durmuşy üçin ähli şertleri döretmegi baş orunda goýýan ýurt hökmünde tanalýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bagtyýar çagalar barada edýän nusgalyk aladalarynyň netijesidir. Ajaýyp zamanamyzda bagtyýar nesiller barada edilýän köptaraply aladalar halkymyzyň çagalara aýratyn söýgi, üns-alada bilen garamak ýaly mizemez durmuş ýörelgesinden, ruhy gymmatlyklaryndan gözbaş alýar. Türkmen halkynyň bu durmuş ýörelgesi bagtyýarlyk döwrümizde mazmun taýdan has-da baýlaşyp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

“Döwlet adam üçindir!” diýen baş taglymatymyzda eneligi we çagalygy goramagyň, ýaş nesliň milli ruhumyza laýyk terbiýesi, ruhy we beden taýdan sagdynlygy, döwrebap bilimi babatdaky aladanyň baş orunda durmagy çuň mazmuna eýedir. Gahryman Prezidentimiziň öňdengörüjiligi arkaly işlenilip taýýarlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän milli ösüş maksatnamalarymyzda bu ugra gönükdirilen döwletli tutumlaryň uzak geljegi nazarlaýandygy bolsa göwünlerimizi ganatlandyrýar. Bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän mähriban Arkadagymyzyň adyna aýdýan alkyşly sözlerimiz egsilmezdir.

Güljemal ABYLOWA,
Balkanabat şäherindäki 23-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.