Demir ýol ulgamy – ulag syýasatynyň möhüm ugry

8 Fewral 2021
1736

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetilýär. Döredijilikli zähmetiň, bagtyýarlygyň ruhunda ösýän-özgerýän ýurdumyzda halkymyzyň durmuş derejesi günsaýyn ýokarlanýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolan ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler, umumadamzat ähmiýetli taryhy başlangyçlar durmuşa geçirilýär.

Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan dünýäniň ulaglar ulgamyna işjeň goşulmak bilen, Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça gurlan we gurulýan iri möçberli transkontinental ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetini barha artdyrýar.

Serdar ARAZOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.