Möhüm ugurlarda derwaýys maksatlar

8 Fewral 2021
1060

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir Hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamyny ösdürmek we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry we durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeli guraly bolan medeniýet ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.