Möhüm waka bolar

5 Fewral 2021
1325

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka bolar. Bu saýlawlara ykjam taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasy esasynda işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Nobatdaky saýlawlar milli Liderimiziň başlangyçlary bilen jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen täze belentliklere çykýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem şu saýlawlaryň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, Garaşsyz döwletimizde hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar esasynda geçirilýändigini ýatlamalydyrys.

Şu möhüm çäräni taýýarlykly garşylap, onuň guramaçylykly geçirilmegine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň işgärleridir işjeň agzalary saldamly goşantlaryny goşýarlar. Biz telekeçileriň arasynda bu syýasy wakanyň ähmiýetini düşündirmekde degerli işleri talaba laýyk alyp barýarys.