Ata-baba ýörelgämiz

4 Fewral 2021
1421

Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden ýol-ýörelgesiniň esasynda döwletlilikden nyşan bolan agzybirlik we birek-birege bolan ynamy pugtalandyrýan lebizlilik bar. Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň baý tejribesine daýanyp, hoşniýetlilik ruhuna ýugrulan parahatçylyk we özara ynanyşmak ýörelgesine esaslanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen beýik işleri amala aşyrýar.

2021-nji ýyl “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip atlandyryldy. Ýylyň şygarynda ulanylýan parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesi döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýyny, alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ygrarlydygyny aňladýar. Hut şu nukdaýnazardan hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi.

Ogulnabat GOÇOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.