1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 27-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylar üçin ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän we ýokary ýakymlylyk ölçeglerine kybap gelýän harby lybaslaryň täze nusgalaryny taýýarlamak barada tabşyryklary berdi.