Demokratik özgertmeleriň täze tapgyry

3 Fewral 2021
1420

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň demokratik başlangyçlary esasynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary bilen makullanyldy we Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda parlamentarizmiň we demokratik özgertmeleriň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny alamatlandyrmak bilen, Watanymyzyň şöhratly taryhyna möhüm sahypany ýazýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümine badalga berilmegi hem ýurdumyzda demokratiýanyň dabaralanmasyna gönükdirilen çäreleriň täze tapgyrydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararyna laýyklykda, bu saýlawlary 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde, ýagny 28-nji martda geçirmek bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek maksady bilen, geçen ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi hem-de onuň dowamynda senenamalaýyn çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Geok ABAÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.