Parahatçylyk — ösüşe, abadançylyga, rowaçlyga, agzybirlige, bagta barýan ýolda elimizde pasyrdaýan nurana tugdur. Ol tuguň astynda menziller hatarsyz, ýollar kötelsiz, müşgiller asan bolýar. Häzirki bagtyýar döwürde halkymyz hut şol tugy depesinde pasyrdadyp, dünýä ýüzüne raýdaşlygy, ynanyşmagy ündäp, belent sepgitleri nazarlap barýar. Munuň şeýledigi Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ýola goýýan dost-doganlyga, ysnyşykly hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklarynda, iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda, gyşarnyksyz eýerýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» atly ýörelgesinde, ylaýta-da, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynda has-da aýdyň görünýär.