Möhüm waka taýýarlyk

3 Fewral 2021
1132

2019-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde bolup geçen ikinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berdi. Milli Liderimiz şol mejlisde eden çykyşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadynyň jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýagny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden, şeýle hem, kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly ulgamyny döretmekden, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdan ybaratdygyny nygtap belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabrynda, Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde ykbal kesgitleýji taryhy çözgütler kabul edildi. “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hakynda Karar şeýle çözgütleriň biri boldy. Bu Kanunyň güýje girmegi bilen ýurdumyzda iki palatadan ybarat parlament — Mejlisden we Halk Maslahatyndan ybarat Milli Geňeş döredildi. Şeýle-de, mejlisiň barşynda “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda” Karar kabul edilip, oňa laýyklykda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirmek bellenildi. Saýlaw kodeksine we Merkezi saýlaw toparynyň kararyna laýyklykda, ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda saýlaw möwsümine badalga berildi.