Parahatçylykly ösüşiň ýoly bilen

3 Fewral 2021
1407

Döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyryldy. Munuň milli Liderimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde “2021--nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen sazlaşykly utgaşýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty sebitde we bütin dünýäde rowaç alýar. Sebäbi bu syýasat parahatçylyk söýüjilikli, ynanyşmak, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan syýasatdygy üçin dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar.

Üstümizdäki — Türkmenistan — — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji aýynyň şanly wakalary Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly dabara bilen baýram ediljek ýylymyzyň hem geçen ýyllar ýaly, belent sepgitler, uly ýeňişler bilen şöhratlanjakdygyna güwä geçýär. Sebäbi türkmen halky Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýagty geljegine, eşretli ertirine ynamly gadam urýar. Bu aýdyň ýol bolsa uly üstünlikleriň, guwançly wakalaryň menzilleridir.