Parahatçylyk we ynanyşmak bilen dünýä röwşen geljegine barýar

31 Ýanwar 2021
1939

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan berkarar döwletimizde ösüşler ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň soňky döwürde her bir ýylyň onuň häsiýetli aýratynlygyna kybap gelýän çuňňur manyly şygar astynda geçmegini däbe öwürmeginiň mähriban halkymyzy şol batly gadamlara ruhy taýdan galkyndyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny durmuş hakykaty aýdyň görkezýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň depgini has-da artdy. Şonuň üçin hem, döwlet Baştutanymyz her bir ýylyň onda durmuşa geçirilmeli işleriň many-mazmunyny özünde şöhlelendirýän şygar astynda uly üstünliklere beslenmegini ýola goýdy. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginli ösmegine ýardam edendigi şübhesizdir. Milli Liderimiziň her ýyly çuňňur manyly şygar bilen atlandyrmagy halkymyzy maksadaokgunly, uly ruhubelentlik bilen döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýan ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýändir diýsek, hakykatdan daş düşmeris.

Atajan BURUNOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor.