Körpeleri terbiýelemek bagty

31 Ýanwar 2021
2294

Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky «Merjen» atly 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Göwher Nurmuradowanyň çagalary terbiýelemekde oňat tejribesi bar. Ol terbiýeçilik, bilim boýunça geçirilýän bäsleşiklere hem gatnaşyp, mynasyp orunlara eýe bolýar.

Tejribeli terbiýeçi Göwher Nurmuradowa çagalary terbiýelemegiň milli ýörelgelerinden peýdalanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle berilýän bilimiň döwrebap we kämil bolmagynda, çagalaryň tebigy zehinini we ukybyny ýüze çykarmakda öwrediji oýunlaryň ähmiýeti örän uludyr. Bu oýunlaryň üsti bilen çagalara ahlak, watançylyk hem-de gözellik terbiýesi berilýär. Çagalarda tebigata, daş-töwerege, Watanymyza söýgi, buýsanç duýgulary ösdürilýär. Sowat öwretmek boýunça çekimli we çekimsiz harplar, bir, iki we üç bogunly sözlerden suratlar boýunça atlandyryp, ses ulgamyny kämilleşdirmek, kesme harplardan söz düzmek bolýar. Şeýle hem bu oýunlaryň üsti bilen körpeleriň sözleýiş dil baýlygy, başarnygy, ugurtapyjylygy, ýady, ünsi we pikirlenişi ösdürilýär. Duýgulary öwretmek sapagynda gök önümleri we miweleri reňki boýunça saýlamak we ýüpe düzmek arkaly körpeleriň ownuk motorikasy ösdürilýär, çagalar ýüpe düzüp, miweleri ýerli-ýerinde goýmagy öwrenýärler. Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak sapagynda haýwanlary atlandyrmak, öý we çöl haýwanlarynyň şekillerini we maketlerini ýerleşdirip, tebigat bilen tanyşdyrmak bolýar. Matematika sapagynda sanlary goşup aýyrmak, tertip boýunça sanlary ýerleşdirmek, jübüt we täk sanlary tapawutlandyrmak öwredilýär.

Ogulgurban REJEPOWA,
«Mugallymlar gazeti».