Täze jaýlarda — durmuşyň höziri

28 Ýanwar 2021
1538

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin ähli amatlyklary bolan, şäher gurluşygynyň hem-de häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi ulanylmaga berildi. Welaýat merkeziniň günbatar künjegindäki Nowruz — 2 ýaşaýyş jaý toplumynda bina edilen her biri 24 öýli, dört gatly täze jaýlaryň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar.

Häzirki zaman durmuş ulgamynyň kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumynyň döwrebap desgalarynyň, belent başly binalarynyň hataryna goşulan bu jaýlaryň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Dabaranyň dowamynda jaýyň gurluşygynda has tapawutlanan işçilere Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).