Otly Aşgabada ýakynlaşdygyça, Bähbit aganyň aladasy artan ýaly boldy. «Oglum Baýrama-da duýdurman gaýdyberdim welin, onuň öýüni taparmykam? Öýünde bolsa ýagşy, iş bilen uzaklara-da gidäýmesi bardyr onuň». Ol ýene-de öz-özüne teselli berdi: «Mekgänem sorap tapypdyrlar. Her niçigem bolsa, öýüniň salgysy-ha bar».
Ol birneme rahatlanan ýaly boldy. Tizdenem otly şäheriň demir ýol menziline gelip saklandy. Ýolagçylar howlukmaç düşüp ugradylar. Goja welin gyssanmady, otludan düşübem gidibermedi. Birsalym töweregine garanjaklap durdy.