Hiç bir döredijilik işgärine ýeke söz bilen doly baha berip bolmaýar. Ýöne: «Halypa şahyr Mämmetnazar Babanazarowa sähel sözde baha ber» diýip gyssasalar, näme aýdarkam?! Aslynda onuň şahyrana dünýäsi dogrusynda aýdyň bir zat aýtmaga güýjüm ýetermikä? Meniň kesgitlemäm, berjek baham hakyky bolmalysyndan has ýöntemrägem bolsa, megerem oňa: «Juda inçe duýgularyň şahyry» diýsem gerek. Şeýle diýmez ýalymy?! Onuň ynsan duýgularyny altyn güýzüň keşbinde berşine bir sered-ä:
Baglar ýanýar seň toýuňda,
Tylla monjuk ak boýunda,
Agaçmy hol ýap boýunda,
Äpet sary gülmükä ýa?!