Parahatçylygyň röwşen ýoly

27 Ýanwar 2021
1864

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýyllarymyz biri-birinden zyýada gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem turuwbaşdan ata Watanymyzyň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşýan taryhy wakalara beslenýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy hökmünde, goňşy Owganystan döwletiniň Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijiniň, şeýle-de Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalar boldy.

Azerbaýjan Respublikasy bilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bolsa türkmen-azerbaýjan dostluk-doganlygynyň, hyzmatdaşlygynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň häzirki zaman şertlerinde barha rowaçlanýandygynyň aýdyň görkezijisi boldy.

Maýsa KULYÝEWA,
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky 3-nji çagalar bagynyň müdiri.