Baky bagtyýarlygyň goýnunda

26 Ýanwar 2021
1425

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan Watanymyz bu gün beýik ösüşlere, özgerişlere, şan-şöhrata beslenýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar. Taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzyň ajaýyp ösüşdir özgertmelerini obalarymyzyň, şäherçelerimiziň we şäherlerimiziň günsaýyn özgerýän keşbiniň mysalynda anyk göz ýetirip bilýäris. Ýurdumyzyň sebitlerinde täze, nusgalyk obalardyr şäherçeler yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary bina edilýär. Munuň özi halkymyz we onuň bähbitleri, abadançylygy baradaky aladanyň döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän giň göwrümli işleriniň esasy özenini düzýändigini subut edýär.

Paýtagtymyzy hem-de Diýarymyzyň beýleki şäherlerini, ilatly ýerlerini gurşap alan giň gerimli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň barha dabaralanýandygyny Äleme äşgär edýär. Iň guwandyryjy we buýsandyryjy ýeri-de ata Watanymyzyň sebitlerinde giň gerime eýe bolan desgalaryň gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň we iň oňat dünýä tejribesiniň işjeň ulanylmagydyr. Bu bolsa, adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçegleriniň üpjün edilmegi babatynda möhüm bolup durýar.

Yslammyrat EMIROW,
Ahal welaýatynyň prokuraturasynyň derňew bölüminiň müdiri, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.