Tebigy bilimleri öwrenmekde fizikanyň orny

26 Ýanwar 2021
1853

Fizika ylmy tebigatyň esasy we düýpli kanunalaýyklyklaryny öwrenýär, onuň kanunlary beýleki tebigy ylymlaryň esasyny düzýär. Orta mekdepde fizikany okatmagyň esasy maksatlary çagalarda öwredilýän hadysalaryň esasynda gyzyklanmany we başarnyklary ösdürmekden ybaratdyr. Olarda öwrenijilik we döredijilik işjeňligini emele getirmek, öwrenilýän esasy ylmy düşünjeleriň manysyna göz ýetirmek we olaryň arasyndaky özara baglanyşygyny özleşdirmek, dünýäniň fiziki gurluşy baradaky düşünjeleri emele getirmek zerur şertleriň biridir. Bu maksatlara ýetmek üçin okuwçylary tebigy hadysalara göz ýetirmegiň we barlaglary geçirmegiň ylmy usullary bilen tanyşdyrmaly, olara mehaniki, ýylylyk, elektromagnit, kwant hadysalary we olary häsiýetlendirýän fiziki ululyklar bilen tanyşdyrmaly. Bular bolsa öz gezeginde olara daş-töwerekde bolup geçýän hadysalary synlamak we tejribeleri geçirmek endikleriniň emele getirmekligine, ölçeg gurallaryny ulanmak arkaly laboratoriýa barlaglaryny geçirmek başarnyklaryny ele almaklaryna ýardam berer.

Fizikany öwrenmegiň zerurlygyny aşakdaky sebäpler bilen esaslandyryp bolar:

Şirinjemal ARAMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiň müdiri.