Çagalaryň saglygyny goramak

26 Ýanwar 2021
1458

Ynsan saglygyny goramak, sagdyn nesilleri kemala getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaş nesilleri sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda terbiýelemek baş maksadymyzdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, arassaçylygyň kadalaryny berjaý edýän ýaşlar möwsümleýin kesellerden goranyp bilýärler. Möwsümleýin kesellere ýiti respirator keseli degişlidir.

Bu kesel dem alyş ýollarynyň nemli bardalaryna zeper ýetmegi, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, umumy ysgynsyzlyk, şeýle-de ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň işiniň bozulmagy netijesinde ýüze çykýar. Ýiti respirator keseli güýz-gyş aýlarynda has köp ýaýraýar. Esasan hem çagalar bu kesele aňsat ýolugýarlar, sebäbi olaryň keselden goraýjylyk ulgamy ýeterlik bekemedikdir. Çagalar keseli agyr geçirýärler we gaýra üzülmelere sezewar bolýarlar. Kesel çagalara köpçülikleýin ýerlerde näsag adam asgyranda, üsgürende, şeýle-de oýnawaçlarynyň, gap-gaçlaryň, gapynyň tutawajynyň, ulanýan okuw esbaplarynyň üsti bilen geçip bilýär. Çagalarda ýüzüni, agzyny, burnuny ellemek endigi bolýar, netijede kesel çalt ýokuşýar.

Abadan BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.