Edepli ile ýarar

26 Ýanwar 2021
1940

Ata-babalarymyz hemişe nesil terbiýesine uly üns berip gelipdirler. Aslynda, asyllylyk, edeplilik, terbiýelilik — bu halkyň milliliginiň gözbaşy. Nesil terbiýesi babatynda hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren atalyk kitaplary nusga alarlyk ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda pederlerimizden bize miras galan nakyllardyr atalar sözleri ýerleşdirilen. Çuň many-mazmuna, pähim-paýhasa ýugrulan bu ajaýyp kitap ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, olarda ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watansöýüjilik häsiýetlerini kemala getirmekde örän ähmiýetlidir.  Onda «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt», «Edepli ile ýarar», «Ýigide müň dürli hünär hem az», «Gyz edebi — il edebi» ýaly dürdäne sözler bar.

Terbiýe meselesinde her bir çaganyň özüne mahsus bolan aýratynlygyna, häsiýetine, islegine görä çemeleşmek zerur. Ata-babalarymyz çaga terbiýesi bilen bagly gündelik durmuşynda gabat gelýän ýörelgeleri, terbiýeçilik ähmiýeti bolan, geljekde halka nepi degjek däp-dessurlary döredipdirler, olardan netijeli peýdalanypdyrlar.

Ogulgül WELIÝEWA,
Serdar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.