Saglygymyz — begligimiz

26 Ýanwar 2021
1222

Ýiti respirator keselleriniň öňüni almak bilen, hem özümiziň, hem-de daş-töweregimizdäkileriň saglygyny gorap biljekdigimizi ýatdan çykarmaly däl. Munuň üçin nämelere üns bermeli?

Agyz-burun örtükleri. Ýokuşyp biläýjek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmakda agyz-burun örtükleri örän ähmiýetlidir. Şol sebäpli agyz-burun örtüklerini howpsuz dakynmagyň düzgünlerini berjaý etmeli. Örtük agzy, burny, eňegi doly ýapmalydyr, bir gezeklik örtükleri iki sagatdan artyk ulanmaly däl, mata örtükleri bolsa ulanyp bolanyňyzdan soň, sabyn ýa-da ýuwujy serişde bilen gowy edip ýuwmaly we guradyp ütüklemeli.