Ýaşasyn Türkmenistan — Azerbaýjan dostlugy!

25 Ýanwar 2021
1782

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň halklaryny umumy taryhy hem-de köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan iki Garaşsyz döwlet hökmünde üstünlikli ösýär. Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary täze tapgyra çykdy hem-de syýasy ulgamda we ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistan hem, Azerbaýjan hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýar. Şu maksat bilen biziň ýurtlarymyz BMG, ÝHHG, YHG ýaly abraýly halkara guramalaryň we beýlekileriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege kömek berýärler. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk täze derejä çykyp, syýasy, ykdysady, energetika we maýa goýum ulgamlarynda özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara we sebit derejesinde biziň döwletlerimiz gatnaşyklaryň oňyn mysalyny görkezýärler.

Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi türkmen hem-de azerbaýjan halklaryny birleşdirýän taryhyň, medeni däpleriň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen şertlendirilendir. Häzirki döwürde sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin hem giň mümkinçilikler açylýar.

Aýbölek ABDYRASULOWA,
«Watan».