Elleri ýygy-ýygydan ýuwup durmak zerur we peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji mikroblar we bakteriýalar ellerde toplanýar hem-de ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Nahardan öň we soň, daşarda gezelenç edilenden soň, elleri gowy edip, sabyn bilen ýuwmaly. Asgyrylanda, üsgürilende, elýaglyk ulanmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda, «hapa elleriň keselleri» diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň birtoparynyň döremegi mümkin. Bu keselleriň toparyna ýiti iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator ýokançlary degişlidir. Hut şonuň üçin hem ellerimizi elmydama arassa saklalyň, bu peýdaly endigi özümizde hem-de çagalarymyzda kemala getireliň!
Elleriň iki tarapyny-da barmaklaryň aralary bilen birlikde akar suwuň aşagynda sabynlap, 20 sekunt gowy edip ýuwmaly. Ellerimizi gowy durlanymyzdan soňra, süpürip, guratmaly.