Döwletli işler rowaç bolar

23 Ýanwar 2021
1729

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şöhratly taryhyna zer harplar bilen ýazylan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilip, uly üstünliklere ýetildi. Döwletimize Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmeginiň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreler giňden ýaýbaňlandyrylyp, halkara ähmiýetli taslamalara badalga berildi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň hem umumadamzat bähbitli tutumlaryň rowaçlyga beslenjek, ýurdumyzyň dünýädäki ornuny pugtalandyrjak, halklaryň agzybirligini, asudalygyny üpjün etmek we Ýer ýüzünde parahatçylygy dabaralandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň uly ykrarnama, goldawa eýe boljak ýyllaryň biri bolar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris».

Sona GAÝYPOWA,
Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.