Ýaşlar — ata Watanyň geljegi

22 Ýanwar 2021
1620

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bitirilýän beýik işler türkmen jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn ösüşine oňyn täsirini ýetirdi. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty onuň zähmeti bilen kesgitlenýär. Zähmetsöýerlik milletimiziň, jemgyýetimiziň, her bir maşgalanyň agzybirlikde we bolçulykda ýaşamagynyň esasydyr. Şoňa görä-de, Ýaşlar guramasy jemgyýetçilik işinde toplan tejribesine daýanyp, ýaş nesillerimize ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden we zähmet terbiýesini bermekde netijeli işleri alyp barmalydyr» diýmek bilen ýaşlar babatda uly alada edilýändigine ünsi çekdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň egsilmez ykdysady kuwwaty, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky taýsyz aladadan nyşandyr. Ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, ylym öwrenmegini, hünär edinmegini, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen milli ruhumyza, nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak meselesi hemişe hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Şeýle aladalaryň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna ýaşlarymyzyň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi bilen taýýarlanylan, uzak geljege gönükdirilen Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyzyň hem goşandy uludyr.

Şabasan BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.