Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda raýat goranyşy we halas ediş işleri boýunça taýýarlygyň ýokary derejede bolmagyny üpjün etmek bilen bagly derwaýys wezipelere uly ähmiýet berilýär. Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda goranyş we raýat goranyşy boýunça derwaýys meseleleriň oňyn çözgüdini gazanmak bagtyýarlyk zamanamyzda hemişe wajyp wezipe bolup durýar. Şu derwaýys meseleleriň şu günüň ösen talaplaryna laýyklykda çözülmegine gönükdirilen okuw-maslahat geçirilip, olarda gürrüňi edilýän wezipeler işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar.
Täze, 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ýokary ruhubelentlik bilen başlanan günlerinde ýokarda agzalan mesele bilen bagly maslahat geçirildi. Mary şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen bu maslahata welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdesi, şu müdirligiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiri, welaýat baş bilim müdirliginiň jogapkär işgärleri, etrap we şäher bilim bölümleriniň wekilleri, welaýatymyzyň çägindäki ýokary, orta, başlangyç hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.