Sahawatyň topragydyr bu watan!

22 Ýanwar 2021
1969

Ynsanperwer türkmen halkynyň merdana pederleri, meşhur taryhçylary, akyldarlary, syýahatçylary, halkymyzy dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüji, ylymly-bilimli, dana milletleriň biri hökmünde tanadýan, ýakyn-u-alys, goňşy-garyndaş halklaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagynda, medeniýetleriniň baýlaşmagynda mynasyp ornunyň bardygyny tassyklaýan subutnamalar sanardan has köpdür.

Eziz Watanymyz gadymy döwürlerden bäri hoşgylaw, hormat goýujy we ylalaşykly ilaty, şirin aýdym-sazy, durmuş gurluşy hem-de ynsanperwer ýörelgeleri, joşgunly toýdur baýramlary bilen özüne bendi ediji güýç-gudrata eýe ülkedir. Ynsanperwerligi bütin durky bilen kabul eden halkymyzyň dünýä bilen ýaşytdaş naýbaşy gymmatlyklary — olar zähmetsöýerlik we hoşniýetlilik, sahylyk we myhmansöýerlik, watansöýüjilik we ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk, päkniýetlilik ýörelgeleridir. Halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän bu häsiýetleri bolsa Watany, halky söýmegiň, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň nusgalyk mekdebidir. Dünýäniň çar künjeginde ynsanperwer gatnaşyklaryň döremegine hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn içeri we hoşniýetli daşary syýasaty uly orny eýeleýär. Bu adyl syýasat bolsa türkmen halkynyň Ýer ýüzünde millet hökmünde tanalmagynyň we hormatlanmagynyň esasydyr, hiç bir düşündirişi talap etmeýän bakylyk mertebämizdir.

Nurýagdy Akmammedow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.