«Dört amalyň» döreýşi

21 Ýanwar 2021
2160

Halypa şahyr Ata Köpekmergen halkymyzyň arasynda şahandaz, degişgen şahyr hökmünde tanalýar. Biz hem şahyryň inisi Orazmuhammet Çary oglunyň dilinden ýazylyp alnan «Dört amal» atly goşgynyň döreýşi hakyndaky wakany halkymyza ýetirmegi makul bildik. Oňa bu wakany Ata Köpekmergeniň özi gürrüň beripdir.

«Bizi 1922 — 1923-nji ýyllarda Maryda mugallymçylyk mekdebinde Hüseýin Ependi diýen biri algebradan okadýardy. Men dört amaly bilsem-de, algebrany gowy bilmeýärdim, ozal dini mekdebinde paraýyzda okapdym. Sapagy bilmeýänligim üçin ol žurnalda maňa nol baha goýup ýörse nätjek. Menem bir gün mugallymyň tötänlikde galdyryp giden žurnalynda 2000, 3000, 5000, 7000 sanlary ýazdym. Ol ýazgylary görüp, allaniçigsi boldy-da:

Amanmuhammet NEPES,
Mary şäheriniň ýaşaýjysy, ýazyjy.