Taryhy döwrüň möhüm ähmiýetli desgalary halklaryň ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine

19 Ýanwar 2021
1725

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri goňşy halklar bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny saklap gelipdir. Merdana halkymyzyň bu asylly däpleri Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has-da belentden dabaralanýar. Dünýä medeniýetiniň ösdürilmegine uly goşant goşan gadymy Beýik Ýüpek ýoly täze röwüşde gaýtadan dikeldilýär. Bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz goňşy halklar, şeýle-de dünýä döwletleri bilen özara hem netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär. Türkmen topragyndan dünýä ýüzüne dostluk ýollary çekilýär. Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly orun berilýär.

Türkmen we owgan halklaryny taryhy kökler bilen birlikde, häzirki taryhy döwürde agzybirlikli, dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ysnyşykly ýola goýulmagy netijesinde iki ýurduň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga itergi berýän ykdysady ösüşlere eýe bolunýar. Bu babatda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezmek bolar. Bular goňşy halklaryň müdimi dostlugynyň aýdyň kepiline öwrülýär. 

Muhammetmyrat ÖWEZOW,
«Balkan».