Hoş geldiň, Täze ýyl, biziň illere!

19 Ýanwar 2021
3243

Mähriban çagalar! Biz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyndan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basdyk. Gahryman Arkadagymyz: «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» diýýär. Bu ýyl, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Her bir ýylymyzyň şygarynda biziň döwletimiziň halkara derejesinde ykrar edilen, adamzat gymmatlygy hökmünde kabul edilen belent ynsanperwerlik syýasatynyň çuň many-mazmuny jemlenýär. Bilşimiz ýaly, geçen ýylda ata Watanymyz Türkmenistan halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşlere eýe boldy. Geljegimiz bolan çagalar, siziň mynasyp bilim we terbiýe almagyňyz üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap çagalar baglarydyr ak mermere beslenen mekdepler gurlup ulanylmaga berilýär. Sazlaşykly ösýän baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde sanly ulgamy ösdürmekde iri taslamalardyr milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen şöhratlanýan ýyllar tutuş bir taryhy döwri kemala getirýär. Arka atan ýylymyz taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Halkara ähmiýetli sene bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda täze ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepler, çagalar baglary, köpsanly durmuş maksatly desgalar, iri önümçilik kärhanalary açylyp, ulanylmaga berildi. Her bir güni şanly wakalara baý bolan 2020-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly gymmatly kitaplary, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli dürdäne eseriniň täze jilti halkymyza gowuşdy. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy uly dabaralara beslenip bellenilip geçildi.

Eziz çagalar! Siziň gowy görüp okaýan «Güneş» žurnalyňyz bu ýyl hem ýakyn maslahatçyňyz, dostuňyz bolar hem-de okuwyňyz, maksatlaryňyz, ukypdyr başarnyklaryňyz, çeper döredijiligiňiz bilen bagly habarlary, makalalary, eserleri, ýürek sesleriňizi giňden beýan etmek işinde has-da öňe ilerlär. Çünki Gahryman Arkadagymyz ylym-bilimde, sport, medeniýet, sungat äleminde öň hatarda bolmaklaryňyz we beýik maksatlara eýermekleriňiz üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Döredijilik işgärlerine — bize bolsa siziň durmuşyňyzy gurşap alan giň gerimli ösüşleri beýan etmek üçin ähli zerur şertler bar. Özümiz üçin edilýän şeýle uly tagallalara jogap edip, siziň bilen ysnyşykly, el-ele berip işleşmek we ýaşaýyş-durmuşymyzy bezeýän bagtyýarlygy giňden we täsirli beýan etmek biziň baş maksadymyzdyr. Sizden geljek hatlara, ýiti zehiniňizden dörän goşgudyr hekaýalara, makalalara, surat eserlerine garaşýarys! Täze ýylda täze-täze üstünlikleri arzuw edýäris!

«Güneş».