Parahatçylyk we ynanyşmak türkmen diplomatiýasynyň döredijilik kuwwatynda şöhlelenýär

18 Ýanwar 2021
1888

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa giňişligi babatda alyp barýan daşary syýasaty sebitde we bütin dünýäde ählumumy ösüşiň üpjün edilmegine doly kybap gelýär. Bu babatda ýurdumyzyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň berkarar edilmegi ugrunda alyp barýan işlerini görkezmek bolar. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda açylyp, ulanylmaga berlen iri halkara taslamalar hem doly äşgär edýär. 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen brifingde hem bu babatdaky pikir alyşmalara giň orun berildi.

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň çäklerinde açylan täze iri desgalaryň üçüsine bagyşlanan brifingde çykyş edenler ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Türkmenistanyň alyp barýan işjeň diplomatiýasynyň möhüm orun eýeleýändigini anyk mysallar bilen açyp görkezdiler. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz Owganystanyň sebitiň we dünýäniň halkara energetika we ulag düzümlerine hem-de hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Munuň özi milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň owgan meselelerini çözmek babatda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň bu ýurtda parahatçylygyň höküm sürmegine we durnuklylygyň üpjün edilmegine gönükdirilýändigine güwä geçýär.

Jumamyrat GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».