Gapymyz sygyrly, ýüregimiz şygyrly bolsun!

18 Ýanwar 2021
1503

Ýaşaýan ýerimiz Garagumuň jümmüşindäki kiçijik obady. Ondaky bakylýan mal-a goýun-geçi, sagylýan malam düýedi. Şonuň üçinem, Berdinazar aganyň «Gumlular» atly kitabyny eý görüp, ondaky bolup geçýän wakalary obamyza hem degişli saýardym. Has dogrusyny aýtsam, kitaby ýanymdan aýyrmazdym. Ýazyjynyň goşgularyndaky tarypyny edýän gyrkylyk yzly çägeleri hut biziň obamyzda-da bardy. Men hem edil ýazyjymyz ýaly «Bu çägeleri bir ýere üýşürseň uly dagy hem döredip bolardy. Çägeden dag! Ol diýseň üýtgeşik «dag» bolar!..» diýip, süýji arzuwlary ederdim. «Suw ýaly akyp duran ürgün çägelikde edýän arzuwlarym amala aşýar» diýip düşünerdim. Olary:

Ýetiberensoň ýugrumy,
 Çagam deý söýýän şygrymy,
 Oýkaplar ýere bagrymy
 ýatdygym, guba çägeler! —

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».