Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

14 Ýanwar 2021
1789

Aýazbaba, Garpamyk hem-de hoşniýetli sygyr «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Täze ýyl gijesinde myhmanlary gutladylar. Bu ýerde meşhur estrada aýdymçylaryň, ussatlaryň we täze ýyldyzlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Däp bolan baýramçylyk teleköpri şu gijede paýtagtymyzy ähli welaýatlaryň merkezleri bilen birleşdirdi. Hormatly Prezidentimiz göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň esasy wakalaryny beýan edip, Diýarymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gysgaça häsiýetlendirdi, içeri we daşary syýasatyň jemlerine baha berdi. «Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris. Goý, Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň, rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin!» diýip, milli Liderimiz arzuw etdi.

* * *