(Grek tymsaly)
Sokratyň Ýewfidem atly, Görmegeý lakamly ýaş dosty bar eken. Ýewfidemiň halaýygyň öňünde akylly sözler bilen çykyş edip, suhangöýlige ýetmek isläp, ýüregi atygsap duran eken. Onuň öz ukybyna bolmalysyndan ýokary baha berýändigini duýýan Sokrat günleriň bir güni ýaş dostuny «akylyna aýlandyrmagy» ýüregine düwüpdir. Oňa sorag bilen ýüzlenipdir: