Meledor (Hekaýa)

11 Ýanwar 2021
1678

Bu waka has irräk döwürde bolupdyr. Muny bir üýşmeleňde oturanlaryň arasynda, bedewli gürrüň gyzanda, atam pahyr ýatlapdy. Obamyzyň günbatar tarapynda aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän gyrymsy we pürli agaçlardan ybarat gür tokaýlyk bardy. Onuň biraz içräginden günortadan demirgazyga uzaýan kerwen ýoly geçýärdi. Kämahallar şol ýoluň ugrunda birdenem duman ýaly bolup, ilki tozan göterilerdi, soňra düýe jaňlarynyň sesleri eşidilip, argyşa giden kerweniň öňi görnüp ugrardy. Kähalatlarda bolsa agyr kerweniň adamlary obanyň deňinde, golaýrak ýerde biraz wagtlyk düşlärdiler, şonda obanyň barlyrak adamlary ýörite ýola çykyp, olary myhman alardylar. Şonda bir gezek kerwen düşlände, uzyn boýly, agrasrak ýüzli, orta ýaşlaryndaky Kerwenbaşy Mollagarany uly iliň öňüne düşüp, köpüň garamatyny üstüne alyp ýören adamlaryň sargydy bilen ýanyna çagyryp: «Agam, seniň bilen maslahatlaşmaly derwaýys iş bar» diýip, ähli zatlary gürrüň berip, onuň uzak hem howatyrly ýola gitmegine sebäp bolupdyr. Onuň hakyky adyny tutýan ýokdy, ol Kerwenbaşy ady bilen tanalýardy. Mollagara şol wagtlar uzyn boýly, 55 ýaş töwereklerindäki daýaw adam ekeni. Onuň gelşikli, edenli syratyna, dogumly hereketine, gepine-gürrüňine Kerwenbaşynyň hem pisindi oturan bolara çemeli. «Bu möhüm iş saňa ynanylansoň, tabşyrylýandyr, senden kethudalaryň hem tamasy uludyr, hötdesinden gelersiň» diýen ekeni.

Kerwenbaşynyň getiren habary Mollagarany gije köp wagta çenli ýatyrmady. Ol oýlandy, ýagdaýdan çykalga gözledi, etmeli işlerini akyl eleginden geçirip, ahyryn belli netijä gelip, giçden soň uka gitdi. Şol günüň ertesi daň saz beriberende, Mollagara ini-boýy metr ýarym ak ýüňe basylan keçäni açygrak dolap, bütinligine çykarylan goýun derisine saman dykylyp tikilen, ýedi-sekiz gulaç kementä baglanan derini hem atyň gerşine baglap, «Eý, Beýik Biribar, özüň goldaweri, aman-esen, abraý bilen işi bitirip gelmek hernä bize nesip etsin-dä» diýip, içini gepledip, atlanmakçy bolanda, obada «awçy» diýen lakam bilen tanalýan Toýly aga gelip, ony saklady:

Aşyr KAKAÝEW,
«Aşgabat».