Täzelikler

8 Ýanwar 2021
1955

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly Türkmenabadyň tikin fabriginiň zähmet adamlary üçin örän şowly ýyllaryň biri boldy. Olar önümçilik meýilnamasyny möhletinden öň artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýylyň soňuna çenli bu görkeziji has ýokary boldy.

Fabrik boýunça meýilnamada görkezilen 35 million 506 müň 179 manatlyga derek 46 million 597 müň 409 manatlyk önüm öndürildi. Munuň özi ýyllyk meýilnamadan daşary onlarça million manatlykdan hem gowrak önümiň artyk öndürilendigini aňladýar. Fabrigiň zähmetsöýer adamlary bazar ykdysadyýeti şertlerinde öz öndürýän önümleriniň bäsdeşlige ukyplydygyny subut etdiler. Buýurmalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi önümleriň hyrydarlarynyň göwünlerinden turýar. Fabrikde, esasan, harbylar üçin geýimleriň uly topary, şol sanda ulular we çagalar üçin eşikler tikilýär. Şeýle hem geçen ýylyň dowamynda ozal daşary ýurtlardan getirilýän mekdep okuwçylarynyň goşhaltalarynyň 1500-siniň, agyz-burun örtükleriniň 464 müňden gowragynyň öndürilmegi önümçiligiň giňändiginden habar berýär. Täze ýylyň ilkinji aýynda hem zähmet gadamlary batlanýar.