Täze ýylymyz bagt getirsin!

1 gün öň
60

Gowy sözleri eşitmegem, aýtmagam juda ýakymly. Aýratyn hem gutlag sözlerini. Täze ýyl baýramçylygy birek-birege gowy sözleri, süýji gutlaglary aýtmak üçin iň ajaýyp gün. Bu meselede suhanwer, dilewar adamlaryňky aňsat, olar ýüzbe-ýüz bolanlarynda-da, uzak aralykdan jaň edenlerinde-de biri-birinden owadan, ajaýyp sözler olaryň diline gelip duran ýaly. Aýt-aýt ýygra, utanjaňlaryň ýagdaýyny aýt. Käteler «Baýramyňyz bilen!», «Täze ýylyňyz gutly bolsun!» diýäýmeseler, owadan gürleşmegi başarman ýaýdanyp durandyrlar. Şu mynasybetli ýylan nyşany bilen gelýän Täze ýylyň bosagasyndan ätlejek dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny, ýakynlaryny, tanyşlaryny ýatdan çykmajak, ajaýyp sözler bilen gutlamak isleýän ildeşlerimiz üçin gutlag bukjalaryny taýýarlap, dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

Göwnümizi 2024-nji ýylyň ýakymly ýatlamalaryndan dolduryp, Täze ýyla gadam basýarys. Ýylan ýyly göwnüňizde beslän ähli arzuw-dilegleriňizi hasyl etsin!

Ogulnur PIRJIKOWA,
«Esger».