DÖWLET SYLAGLARY — BEÝIK YKRARNAMA

15 Dekabr 2024
34

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Söwda toplumynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi we medeni mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, söwda toplumynyň garamagyndaky edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler, şeýle-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Ilki bilen, sylaglanyş dabarasyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».