Her bir şanly senäniň, baýramçylygyň aýratyn öwüşgini bolýar. Her täze ýylda hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda döwlet derejesinde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär.
Halkymyzda toý-baýramlara, şanly senelere, dabaralara taýýarlykly barmak, baýramçylyk saçaklaryny dürli naz-nygmatlar bilen bezemek asyrlardan dowam edip gelýän asylly däbimizdir. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ak bazalarymyzyň, söwda nokatlarynyň halkyň sarp edýän gündelik harytlary, täze ýyl sowgatlary we beýleki önümler bilen has-da baýlaşmagy bereketli türkmen saçaklarymyzyň bolçulygyny öňküden-de artdyrýar. Häzirki günlerde paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ak bazarlarynda we söwda merkezlerinde baýramçylyk söwdasy has-da gyzgalaňly dowam edýär. Türkmen telekeçilerimiz tarapyndan öndürilen dürli önümler bilen baýlaşan bazarlaryň mähellesi häzirki günlerde has-da köpelýär. Bu görnüşler bolsa döwletimize we döwrümize bolan buýsanjymyzy artdyryp, şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşlarymyzy goşalandyrýar.