Magtymguly, adyň arşa galandyr

15 Dekabr 2024
25

Bu sözbaşy daşary ýurtly raýatlaryň birnäçesiniň döşüne «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly dakylandaky, joşgun-begenji görenimde döredi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň Grosshader kliniki müdiriýetiniň 4-nji klinikasynyň we poliklinikasynyň direktorynyň orunbasary Klaus Georg Dr. Parhoferi, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Nadežda Dubowa, Gruziýanyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygy Makwala Gonaşwili, London uniwersitet kollejiniň Arheologiýa institutynyň professory Timotny Dawid Williams, garaz, dünýäniň dürli yklymlaryndan onlarça ýurtlaryň wekillerine bu sylag gowşurylanda, myhmanlaryň ýürekden syzdyryp, Türkmenistan, bu döwletiň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň sebit we tutuş Älem üçin ähmiýeti, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleri bagyşlan topragyň kerem-keramaty, jahan kartasynda parlak ýyldyz bolup lowurdaýan Türkmenistanyň syýasy-ykdysady giňişlikde ýeten derejesi, iň agzybir, jebis jemgyýet hökmündäki nusgalyk abraýy hakda aýdanlary Älem içindäki ykrarnamamyzdyr.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.